Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde ýurduň degişli pudak edaralarynyň ýolbaşçylarynyň orunbasarlarynyň hem-de Halkara migrasiýa guramasynyň wekilleriniň gatnaşmagynda bosgunlary goramak we halkara migrasiýa boýunça Almaty prosesiniň tanyşdyrylyşy geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň resmi saýtynda habar berildi. Duşuşykda daşary işler ministriň orunbasary M.Bäşimowa çykyş edip, halkara migrasiýanyň möhüm meselelerine garamakda pudagara hyzmatdaşlygyň we maglumat alyşmagyň ähmiýetini, şeýle hem bu ugurda hereket edýän sebit hyzmatdaşlyk görnüşleri bilen milli hyzmatdaşlary tanyşdyrmagyň wajyplygyny belledi. Duşuşygyň esasy bölegi Merkezi Aziýa ýurtlary boýunça Halkara migrasiýa guramasynyň utgaşdyryjysy Serhan Aktoprakyň geçiren tanyşdyryşyna bagyşlandy. Tanyşdyryşyň dowamynda Almaty prosesiniň esasy iş ugurlaryna, sebit derejesinde bolup geçen soňky wakalara, şeýle hem 2026-njy ýylda geçirilmegi meýilleşdirilýän Migrasiýa meselelerine bagyşlanan halkara foruma taýýarlyk görmek boýunça alnyp barylýan dialoga garaldy. Duşuşygyň dowamynda türkmen tarapy bilen Halkara migrasiýa guramasynyň wekilleriniň arasynda Türkmenistanyň degişli sebit çärelerine gatnaşmagynyň amaly taraplary, milli tejribäni we bilermenleriň işläp taýýarlamalaryny tanyşdyrmagyň mümkinçilikleri, şeýle hem özara gyzyklanma bildirilýän ugurlarda hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň geljegi boýunça pikir alşyldy. Habarda bellenilişi ýaly, pudagara utgaşdyrmagyň guramaçylyk meselelerine, şol sanda milli utgaşdyryjylary kesgitlemek we gyzyklanma bildirýän döwlet edaralarynyň arasynda yzygiderli aragatnaşygy ýola goýmak meselelerine aýratyn üns berildi. Şeýle hem ara alnyp maslahatlaşylan migrasiýa gün tertibiniň çäklerinde milli hyzmatdaşlaryň özara gatnaşyklaryny ösdürmek boýunça geljekki ädimler barada pikir alşyldy.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 2 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir→