Balkanabat şäherindäki «Türkmeniň ak öýi» binasynda «Türkmen keşdeçilik sungaty — milli mirasymyz» atly bu bäsleşik geçirildi. Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşiniň, Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň, ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň sekretariatynyň hem-de Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň bilelikde yglan eden bu bäsleşigi ýokary işjeňligi, şatlyk-şowhuny bilen tapawutlandy. Bu barada «Altyn asyr» elektron gazetinde habar berildi. «Türkmen keşdeçilik sungaty — milli mirasymyz» atly bäsleşigiň Balkan welaýat tapgyry geçirildi Bäsleşige gatnaşyjylar şertlere görä, keşde çekmäge görýän deslapky taýýarlyklary hakynda gürrüň bermek bilen, bu işleri ezberlik bilen amal edip görkezdiler. Bäsleşigiň dowamynda sünnäläp taýýarlan owadan keşde-nagyşlarynyň, biri-birinden üýtgeşik gelen el işleriniň tarypyny şygyrlaryň, gazallaryň üsti bilen ýetirdiler. Özleriniň nusgalyk görnüşlerde tiken, keşdelän milli lybaslaryny hem geýip, olaryň waspyny çeper sözler, rowaýatlar, goşgular arkaly mynasyp beýan etdiler. «Türkmen keşdeçilik sungaty — milli mirasymyz» atly bäsleşigiň Balkan welaýat tapgyry geçirildi Bäsleşigiň jemleri boýunça welaýatyň Esenguly etrabynyň çeper elli zenanlaryndan düzülen topar 1-nji orna mynasyp bolup, onuň döwlet tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazandy. Bu bäsleşikde Balkanabat şäheriniň we Türkmenbaşy şäheriniň toparlary bolsa degişlilikde 2-nji, 3-nji orunlary eýelediler.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 2 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir→