4-nji noýabrda Aşgabat şäherindäki «Arçabil» myhmanhanasynda Halkara zähmet guramasynyň (HZG) gatnaşmagynda «Halkara zähmet standartlaryny we durnukly ösüşi öňe sürmekde kärdeşler arkalaşyklarynyň orny» atly halkara ylmy-amaly maslahat geçirilýär. Çärä Türkmenistanyň Mejlisiniň, Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrliginiň, Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň, Birleşen Milletler Guramasynyň we Halkara zähmet guramasynyň düzümleriniň, Kärdeşler arkalaşyklarynyň halkara konfederasiýasynyň, şeýle hem daşary ýurtlaryň kärdeşler arkalaşyklarynyň, ylmy edaralarynyň we ýokary okuw mekdepleriniň wekilleri gatnaşýarlar. Maslahatyň açylyşynda Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň başlygy Oguljennet Berdiliýewa, Türkmenistanyň Mejlisiniň Durmuş syýasaty baradaky komitetiniň başlygy Annamuhammet Sarjaýew, Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministri Muhammetseýit Sylapow, Halkara zähmet guramasynyň Zähmetkeşler býurosynyň bölüminiň müdiri Sergius Glowaskas, şeýle hem BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň we ÝUNISEF-iň Türkmenistandaky hemişelik wekilleri Narine Saakýan hem-de Jalpa Ratna gutlag sözleri bilen çykyş etdiler. «Durnukly ösüşi we durmuş durnuklylygyny üpjün etmegiň guraly hökmünde durmuş gepleşikleri» atly ýokary derejeli mejlisde Türkmenistanyň, Azerbaýjanyň, Gazagystanyň, Gruziýanyň, Mongoliýanyň we Türkiýäniň kärdeşler arkalaşyklary birleşikleriniň wekiliýetleriniň ýolbaşçylary, şeýle hem Kärdeşler arkalaşyklarynyň halkara konfederasiýasynyň Ýewropa sebitleýin geňeşiniň (WERS) ýerine ýetiriji sekretary Anton Leppik çykyş edýärler. Maslahatyň dowamynda oňa gatnaşyjylar mynasyp zähmeti we durmuş adalatlylygyny üpjün etmekde kärdeşler arkalaşyklarynyň häzirki zaman ornuny, halkara zähmet kadalarynyň durmuş-ykdysady ösüş üçin ähmiýetini, şeýle hem Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmekde kärdeşler arkalaşyklarynyň goşandyny ara alyp maslahatlaşýarlar. Ara alyp maslahatlaşmalara Türkmenistanyň, Azerbaýjanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň, Özbegistanyň, Mongoliýanyň, Türkiýäniň we Koreýa Respublikasynyň kärdeşler arkalaşyklarynyň wekilleri gatnaşýarlar.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 11 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir→