Hytaýda erkek kişi şeýlebir berk uka gitdi welin, maşgalasy ony tarpa-taýyn ölendir öýtdi diýip, ýurduň «Noodou» neşiri ýazýar. Habarda hytaýlynyň kondisioneri 18 gradus işledip, galyň ýorgan örtünendigi we berk uka gidendigi gürrüň berilýär. Birnäçe wagtdan soňra dogan-garyndaşlary ony çagyrypdyrlar, emma jogap bolmandyr. Birahat bolan maşgalasy birnäçe gezek gapyny kakypdyr, ondan soňra otaga giripdirler. Ýatalgada olar ýorganyň aşagynda hereketsiz ýatan öý eýesini görýärler, maşgala agzalarynyň biri onuň ýorganyň aşagyndan çykyp duran elini elläp görse, buz ýaly sowuk eken. Maşgalasy ol tarpa-taýyn aradan çykandyr öýdüp, howsala düşmäge başlapdyr. Başagaýlygyň tüýs gyzan wagty «merhum» ýalpa gözlerini açyp, krowatda dikelip oturypdyr. Aglaşýan ýakynlaryny görüp, aljyrapdyr we nämeleriň bolýandygyny düşünmän aňk bolup galypdyr. Görlüp oturylsa, işläp duran kondisioner sebäpli onuň eli güýçli sowan ekeni, çuň uky bolsa, ol ölendir diýip pikir etmäge sebäp bolupdyr. Hut şu ýagdaý hem dogan-garyndaşlarynda ol ölendir diýen ýalňyş pikir döredipdir.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 11 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir→