27-nji noýabrda ýerli wagt bilen sagat 12:00-da Türkmenistanyň Döwlet maliýe instituty «Maliýe hasabatlylygynyň halkara standartlary» dersi boýunça III Açyk halkara internet olimpiadasyny geçirer. Olimpiada Türkmenistanyň we daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleriniň talyplary gatnaşmaga çagyrylýar. Her bir ýokary okuw mekdebinden hünär ugruna we okuw ýylyna garamazdan, dört talypdan köp bolmadyk topar gatnaşyp biler. «Türkmenistan: Altyn asyr» elektron neşiriniň habar bermegine görä, olimpiada türkmen, iňlis we rus dillerinde şahsy bäsleşik görnüşinde geçiriler. Olimpiada gatnaşyjylary hasaba almak işleri 21-nji noýabra çenli dowam eder. Gatnaşmak üçin ýokary okuw mekdepleriň wekilleri baradaky maglumatlary guramaçylyk toparynyň tdmai.tbm@gmail.com elektron poçta salgysyna ibermeli. Gatnaşyjylaryň netijeleri toplan ballarynyň jemi boýunça kesgitlener. Olimpiadanyň netijeleri institutyň resmi internet sahypasynda yglan ediler. Şeýle hem ol ýerde olimpiadany geçirmek we oňa gatnaşmak üçin arzalary resmileşdirmek baradaky goşmaça maglumatlar ýerleşdirilendir. Habarlaşmak üçin telefon belgileri: +993 12 49 88 52, +993 65 65 12 44, +993 65 01 74 85.