Aşgabat şäherinde «Türkmenistanyň gurluşyk, senagat, himiýa we energetika pudaklaryny ösdürmek» atly «CIET-2026» halkara sergisi öz işine başlady. Ýurdumyzda Gurluşyk we senagat toplumynyň işgärleriniň gününe gabatlanyp geçirilýän çäre Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň binasynda ýaýbaňlandyryldy. Açylyş dabarasyna Mejlisiň Başlygy, Hökümet agzalary, Türkmenistanda akkreditirlenen diplomatik wekilhanalaryň hem-de halkara guramalaryň ýolbaşçylary we işgärleri, jemgyýetçilik guramalarynyň we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar. Dabara gatnaşyjylara Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň foruma gatnaşyjylara iberen Gutlagy okaldy. Dabaradan soň myhmanlar serginiň bölümleri bilen tanyşdylar. Sergide ministrlikleriň we döwlet konsernleriniň, şol sanda Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň, Energetika ministrliginiň, Gurluşyk we binagärlik ministrliginiň, «Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň, şeýle hem Awtomobil ýollaryny dolandyrmak baradaky döwlet agentliginiň diwarlyklary ýerleşdirildi. Mundan başga-da, bu ýerde ýurdumyzyň we daşary ýurtlaryň kompaniýalarynyň önümleri hem-de işläp taýýarlamalary görkezilýär. Serginiň çäklerinde milli bäsleşigiň iň gowy işlerini özünde jemleýän «Binagärlik çözgütleri» atly galereýa hem hereket edýär. Bäsleşigiň ýeňijilerini 5-nji noýabrda forumyň ýapylyş dabarasynda sylaglamak meýilleşdirilýär. Şu gün günüň ikinji ýarymynda «CIET-2026» forumynyň çäklerinde halkara maslahatyň açylyş dabarasy geçiriler. Forum 3–5-nji noýabr aralygynda dowam eder. Maksatnama halkara maslahaty, sergini, şeýle hem öňünden meýilleşdirilen B2B we B2G duşuşyklaryny öz içine alýar. Guramaçylaryň berýän maglumatlaryna görä, çärä gatnaşmak üçin 60 ýurtdan 800-den gowrak wekil hasaba alyndy. Forumyň ilkinji gününde «Innowasiýalar. Maýa goýumlary. Ösüş: Türkmenistanyň gurluşyk, senagat we infrastruktura pudaklaryny ösdürmegiň täze döwri» atly umumy mejlis hem-de Birleşen Milletler Guramasynyň Durnukly ösüş maksatlarynyň 11-nji maksadyna bagyşlanan «tegelek stol» maslahaty geçiriler. 4-nji noýabrda energetika we himiýa senagaty, döwrebap gurluşyk we binagärlik, maýa goýumlary hem-de döwlet-hususy hyzmatdaşlygy meselelerine bagyşlanan mejlisler, şeýle hem «Aýdyň Gijeler» kompaniýasynyň döredilmeginiň 10 ýyllygy mynasybetli maýa goýum dialogy geçiriler. 5-nji noýabrda bolsa sanly gurluşyk, akylly şäherler we geljegiň hünärmenleri baradaky meseleleri öz içine alýan mejlis bolar. Çäräniň maksatnamasy we oňa gatnaşmak baradaky maglumatlar resmi internet sahypasynda — ciet-turkmenistan.com salgysynda ýerleşdirildi.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 2 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir→