Türkmenistanyň wekili Nurýagdy Meredow abakus, mental arifmetika we matematika boýunça «Asia World Brain Cup-2026» halkara çempionatynda «Naýbaşy çempion» adyna mynasyp boldy, bu derejä Nurýagdy 10 minutda iki belgili san bilen düzülen mysallaryň 180-ni çözüp, rekord goýup ýetdi. Ýaryş 24-nji oktýabrda Daşkent şäherinde geçirildi. Ýeňijileri sylaglamak dabarasy Ýaşlar döredijilik köşgünde boldy. Guramaçylar türkmen türgeniniň abakus, mental arifmetika we matematika ugurlary boýunça görkezen ýokary netijelerini hem-de aýratyn zehinini bellediler. Ýaryşyň jemleri boýunça oňa şahadatnama, ýadygärlik medaly we ýüzünde «Super Champion» diýen ýazgy bolan kubok gowşuryldy. Türkmenistanly okuwçy mental arifmetika boýunça halkara ýaryşyň «Naýbaşy çempiony» boldy Ýaş matematigiň bu üstünligi ilkinji gezek gazanýan ýeňşi däldir. Ol mundan ozal hem logiki matematika ugrundan Malaziýanyň Kuala-Lumpur şäherinde 22 döwletiň gatmaşmagynda guralan halkara ýaryşa gatnaşyp 2-nji ýer mynasyp boldy. Täze gazanan bu ady bolsa onuň saýlap alan ugry boýunça yzygiderli alyp barýan işleriniň nobatdaky miwesidir. Mental arifmetika ýapon hasap-çoty bolan abakusyň şekilini göz öňüne getirmek arkaly hasaplamalary aňda ýerine ýetirmek usulyna esaslanýar. Bu usul ýady, ünsi we pikirleniş tizligini ösdürmek üçin ulanylýar. Mental arifmetika boýunça halkara ýaryşlar dünýäniň köp ýurtlarynda geçirilýär.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 2 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir→