Düýn, ýekşenbe güni Türkiýede ýaşy 15-den kiçi bolan çagalara sosial torlara girmegi gadagan edýän kanun güýje girdi. Bu aprelde parlament degişli kanun kabul edenden soňra amala aşyryldy diýip, «Daily Sabah» neşirine salgylanýan «rg.ru» ýazýar. Kanuna görä, 15 ýaşdan kiçilere sosial torlarda hasaba durmak ýa-da akkaunt açmak gadagan edilýär. Sosial torlar ýaşy 15-den kiçi çagalaryň öňden hereket edýän akkauntlary ýapmaga borçly edildi. Indi sosial torlary ulanyjylar özleriniň ýaşlaryny «e-Devlet» Hökümet portalynyň üsti bilen generirlenen sanly token arkaly barlamaly bolarlar. Token ulanyjylaryň atlaryny gizlin galdyrmak arkaly olaryň ýaşyny kesgitlär. Kanunçylyga görä, sosial torlar barada kanuny bozanlara jerime salnar, mahabat gadagan ediler, aýratyn ýagdaýlarda internetiň goýberiliş tizligi 90 göterime çenli peseldiler.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 2 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir→