Agramy 250 müň tonna deň bolan äpet buz harsaňy Alplardaky owadan dag obasyna howp salýar hem-de kem-kemden jülgä tarap süýşýär diýip, «Bild» gazetine salgylanýan «khovar.tj» habar berdi. Neşir buz böleginiň ýagdaýy ýaramazlaşdyryp, heläkçilikli netijä getirip biljekdigini belleýär. Buz harsaňynyň aşak süýşýändigi awgustda hasaba alyndy. Şondan bäri ol her gün 20 santimetre çenli hereket edýär diýlip, habarda aýdylýar. Gazet şeýle hem hemişe gözegçilik astynda saklanýan buz harsaňyň ilaty 450 adamdan ybarat obany ýok edip biljekdigini, ýaşaýjylaryň hemişe taýýarlyk astyndadygyny ýazýar.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 8 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir→