ABŞ-nyň birinji hanymy Melaniýa Tramp öz adamsy Donald Trampyň köpçülik çärelerinde tans etmegini oňlamaýar, sebäbi şeýle tans etmek döwlet Baştutanyna gelişmeýär diýip hasaplaýar. Bu barada TASS ýazýar. Aýalynyň: «Ezizim, haýyş edýän, indi tans etme. Sen Prezident ahyryn» diýen sözlerini Waşingtonyň edarasynyň başlygy Florida ştatynda saýlawdan öňki ýygnanyşykda eden çykyşynda getirdi. Öň Tramp Melaniýanyň öz adamsynyň jemagatda tans etmegini halamaýandygyny aýdypdy. ABŞ-nyň döwlet baştutany öz tarapdarlarynyň ýeňiljek tanslaryny halaýandyklaryny aýdanda, Melaniýa oňa öz tarapdarlarynyň göwnüne degmezlik üçin şeýle diýýändiklerini aýdyp, garşy çykypdyr.