Şu ýylyň noýabr aýynda saglygy goraýyş boýunça XIII Türkmen-german forumy geçiriler. Bu barada şu gün sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde wise-premýer B.Mämmedowyň hasabatynda bellenildi. «Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, häzirki wagtda ýurduň saglygy goraýyş ulgamyny dünýä ülňülerine laýyklykda döwrebaplaşdyrmak babatynda uly işler amala aşyrylýar. Bu ugurda iri halkara guramalary, dünýä ýurtlary, aýratyn-da, Germaniýa Federatiw Respublikasy bilen hyzmatdaşlyk yzygiderli pugtalandyrylýar we giňeldilýär. Hususan-da, ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň çäklerinde 2011 – 2026-njy ýyllar aralygynda Germaniýada we Türkmenistanda saglygy goraýyş boýunça köpsanly forumlar geçirildi hem-de olarda iki ýurduň saglygy goraýyş ulgamlaryna degişli wajyp meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Dostlukly ýurtlaryň arasynda hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmak maksady bilen nobatdaky forum Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Halkara ylmy-okuw merkezinde sanly ulgam arkaly geçirmek hem-de onda pediatriýanyň, onkologiýanyň, rewmotalogiýanyň, neýrohirurgiýanyň wajyp meselelerini ara alyp maslahatlaşmak göz öňünde tutulýar. Forumyň işine Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Federal saglygy goraýyş ministrliginiň we öňdebaryjy klinikalarynyň professorlarynyň, ýurduň hassahanalarynyň lukmanlarynyň, Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň professor mugallymlarynyň we talyplarynyň sanly ulgam arkaly gatnaşmaklary meýilleşdirilýär. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanynyň garamagyna degişli teklip hödürlenildi. Türkmenistanyň Prezidenti hasabaty diňläp, sanly ulgam arkaly saglygy goraýyş boýunça XIII Türkmen-german forumyny geçirmek baradaky teklibi makullap, wise-premýere degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.