Türkmenistanda Hasyl toýuna taýýarlyk görülýär. Bu barada şu gün sanly ulgam arkaly geçirilen Hökümet mejlisiniň dowamynda wise-premýer T.Atahallyýewiň hasabatynda bellenildi. «Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, ýurtda her ýylyň noýabr aýynyň ikinji ýekşenbesinde bereketli türkmen topragynyň sahawatynyň şanyna Hasyl toýy giňden bellenilýär. Şunuň bilen baglylykda, 8-nji noýabrda Aşgabat şäherinde hem-de welaýatlarda baýramçylyk çärelerini ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmek boýunça degişli işler alnyp barylýar. Türkmenistanyň Prezidenti hasabaty diňläp, Hasyl toýy mynasybetli geçiriljek çärelere gowy taýýarlyk görmegi hem-de ýokary derejede geçirmegi tabşyrdy.