Türkmenistanda metan gazlarynyň zyňyndylaryny azaltmak we peýdaly ulanmak babatda halkara hyzmatdaşlygy ýola goýlar. Bu barada şu gün sanly ulgam arkaly geçirilen Hökümet mejlisiniň dowamynda wise-premýer G.Agajanowyň hasabatynda bellenildi. «Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, «Türkmengaz» we «Türkmennebit» döwlet konsernleri tarapyndan bu ugurda, hususan-da Bütindünýä bankynyň degişli taslamasynyň çäklerinde öňdebaryjy daşary ýurt kompaniýalary bilen degişli işler alnyp barylýar. Munuň özi önümçilik işinde daşky gurşawy aýawly saklamakda anyk çäreleri durmuşa geçirmäge mümkinçilik berýär. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer döwlet Baştutanynyň garamagyna degişli teklibi hödürledi. Türkmenistanyň Prezidenti hasabaty diňläp, ýurtda daşky gurşawy aýawly saklamak boýunça netijeli işleriň alnyp barylýandygyny aýtdy hem-de wise-premýere nebitgaz toplumynda metan gazlarynyň zyňyndylaryny azaltmak babatda halkara hyzmatdaşlygyny ýola goýmak boýunça degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 2 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir→