Ykdysady integrasiýa Türki Döwletleriň Guramasynyň (TDG) esasy iş ugurlarynyň biri bolmalydyr. Bu barada Türkiýäniň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan Ankarada TDG-niň 13-nji sammitiniň açylmagy bilen bagly «Türki dünýäniň asyry: raýdaşlykdan goşulyşmaga tarap» atly makalasynda ýazýar. «Bu gün Aziýa bilen Ýewropanyň arasynda söwdanyň gaýtadan üýtgedilip gurulýan döwründe türki çäk ählumumy ulag we logistika zynjyrlarynyň möhüm merkezleriniň biri bolmak mümkinçiligine eýedir. Biz öz demir ýollarymyzy, portlarymyzy, awtoulag aragatnaşygymyzy hem-de gümrük ulgamlarymyzy ösdürýäris» diýip, türk lideri makalada belleýär. Onuň makalasy gurama agza we synçy döwletleriň köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde çap edildi diýip, TASS habar berýär. Ärdogan şeýle hem Türki maýa goýum gaznasyny bilelikdäki taslamalary amala aşyrmak üçin işjeň ulanmak meýli barada habar berdi. Ol TDG-niň ähli ýurtlary üçin energetika gorlaryny, gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerini we logistika infrastrukturasyny has-da täsirli peýdalanmagyň möhümdigini nygtamak bilen, energetika ulgamyna aýratyn üns çekdi.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 22 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir→