Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew Ankarada Türki Döwletleriň Guramasynyň (TDG) sammitinde Russiýany guramanyň düzümine girizmegi teklip etdi diýip, «INTERFAX.RU» habar berdi. «Biziň Guramamyzyň abraýyny ýokarlandyrmak we Russiýanyň meýline oňyn garamak bilen, oňa bu guramanyň işine goşulyşmak ýa-da synçy hökmünde gatnaşmak teklip edilse, ýerlikli bolardy» diýip, gazak lideri sammitde eden çykyşynda aýtdy. Tokaýew Russiýanyň iri döwlet bolmak bilen, asyrlarboýy türki dünýä bilen ýygjam gatnaşyklary alyp barýandygyny belledi. «Bu ýurduň çäginde taryhy taýdan köp türki halklaryň wekilleri ýaşaýarlar. Häzirki wagtda Russiýa «Altaý — türki medeniýetiň sallançagy» diýen taslamany öňe sürýär, Gazagystan ony goldaýar. Rus dilinde köp sözleriň türki asly bar. Umuman alnanda, eger Russiýa türki ýurtlaryň bir bölegi bolsa, bu biziň döwletlerimiziň ählisi üçin bähbitli bolardy» diýip, Gazagystanyň döwlet Baştutany nygtady.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 22 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir→