Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Ankarada geçirilen Türki Döwletleriň Guramasynyň 13-nji sammitinde türki döwletleriň giň ykdysady mümkinçiliklere eýedigini, olardan netijeli peýdalanmak üçin energetika, senagat, çig maly gaýtadan işlemek we ykdysadyýetiň beýleki pudaklarynda hyzmatdaşlygy ösdürmegiň zerurdygyny belledi. Bu barada «Anadolu Ajansi» habarlar agentligi habar berýär. Bellenilişi ýaly, Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkiýäniň döwlet Baştutany Rejep Taýyp Ärdogana sammite gatnaşmak baradaky çakylygy we görkezilen myhmansöýerlik üçin sagbolsun aýtdy. Türkmenistanyň Prezidenti öz çykyşynda Hazarüsti geçelgesiniň kuwwatyny ýokarlandyrmagyň wajypdygyna ünsi çekip, türkmen tarapynyň Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň düzümleýin mümkinçiliklerini degişli maksada gönükdirmäge taýýardygyny melim etdi. Mundan başga-da, Prezident Serdar Berdimuhamedow syýahatçylyk ugry boýunça özara alyş-çalyşy ösdürmek we ýurtlary halkara derejede tanyşdyrmak üçin bilelikdäki tagallalary, başlangyçlary goldaýandygyny nygtap, taryhy we medeni mirasy öwrenmek, goramak hem-de dünýäde giňden tanyşdyrmak boýunça bilelikdäki çäreleri geçirmegiň maksadalaýykdygyny belledi. Türkmenistanyň döwlet Baştutany çykyşynyň ahyrynda Ankarada geçirilen sammitiň netijeleriniň türki döwletleriň arasynda dostlukly hyzmatdaşlygyň täze ugurlaryny kesgitlemäge we bilelikdäki başlangyçlary durmuşa geçirmäge täze itergi berjekdigine ynam bildirdi.