«Türkmenistanyň gurluşyk, senagat, himiýa we energetika pudaklarynyň ösüşi» atly halkara maslahatyň we serginiň («CIET-2026») geçirilmegine on bir sany halkara we türkmen kompaniýasy kümüş hemaýatkär hökmünde çykyş eder. Bu barada çäräni guraýjylar habar berdiler. Forum 3–5-nji noýabr aralygynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «Innowasiýalar. Maýa goýumlary. Ösüş» şygary bilen geçiriler. Çäräniň maksatnamasyna pudaklaýyn maslahatlaşmalar, halkara sergi, şeýle hem öňünden meýilleşdirilen B2B we B2G duşuşyklary girýär. Gatnaşyjylar maýa goýumlaryny çekmek, önümçiligi döwrebaplaşdyrmak, infrastruktura ulgamyny ösdürmek we täze tehnologiýalary ornaşdyrmak meselelerini ara alyp maslahatlaşarlar. Guramaçylaryň berýän maglumatlaryna görä, foruma gatnaşmak üçin 60 ýurtdan 800-den gowrak wekil hasaba alyndy. Forumyň kümüş hemaýatkärleri hökmünde «TOYO Engineering», «Ýiti Galam», «Rysgally Inžener», «Daewoo E&C», «Türkmen Bina Gurluşyk», «ITOCHU», «Rysgally Zähmet», «Sahra Gurluşyk», «Altyn Nesil», «Saýaly Menzil» we «Aga-Gurluşyk» kompaniýalary çykyş ederler. Ýaponiýanyň «TOYO Engineering» kompaniýasy Gyýanlydaky polimer toplumynyň gurluşygyna gatnaşdy. Kompaniýa gaz bölüji desgalaryň, etilen we polipropilen önümçilik bölümleriniň gurluşygy boýunça işleri ýerine ýetirdi. Taslama 2018-nji ýylda tamamlandy. 2025-nji ýylda «TOYO kompaniýasy» «Rönesans Endüstri Tesisleri» bilen bilelikde toplumyň düýpli abatlaýyş işleriniň birinji tapgyryny geçirmek boýunça şertnama baglaşdy. 2026-njy ýylyň fewralynda kompaniýa «Türkmenhimiýa» döwlet konserni bilen işleriň ikinji tapgyry boýunça hyzmatdaşlyk etmek babatda özara düşünişmek hakynda ähtnamasynyň baglaşylandygyny habar berdi. Resminama 2025-nji ýylyň dekabrynda gol çekilipdi. Günorta Koreýanyň «Daewoo E&C» kompaniýasy S.A. Nyýazow adyndaky Türkmenabadyň himiýa zawodynyň düzüminde mineral dökünleri öndürýän toplumyň gurluşygyny alyp barýar. Taslamanyň düýbüni tutmak dabarasy 2025-nji ýylyň oktýabrynda geçirildi. Taslama superfosfat we ammoniý sulfaty dökünlerini öndürmegi göz öňünde tutýar. 2026-njy ýylyň sentýabrynda kompaniýa Türkmenistanyň Suw hojalygy baradaky döwlet komiteti bilen Garagum kanalynyň bir bölegini döwrebaplaşdyrmak boýunça hyzmatdaşlyk etmek hakynda ähtnama gol çekdi. Ýaponiýanyň «ITOCHU Corporation» kompaniýasy maşyn gurluşygy, metallar we mineral serişdeler, energetika, himiýa önümleri, maglumat tehnologiýalary we beýleki ugurlarda halkara söwda we maýa goýum işleri bilen meşgullanýar. Kompaniýanyň halkara şahamçalar ulgamynyň düzümine Aşgabatdaky wekilhanasy hem girýär. Türkmen kompaniýalarynyň hatarynda «Altyn Nesil» kompaniýasy «Türkmen Awtoban» baş potratçysynyň buýurmasynyň esasynda Aşgabat–Türkmenabat awtomobil ýolunyň Tejen–Mary böleginde gurluşyk we abadanlaşdyryş işlerini ýerine ýetirdi. Bu ýol 2024-nji ýylyň 17-nji aprelinde ulanmaga berildi. «Saýaly Menzil» kompaniýasy Arkadag şäheriniň gurluşygynyň ikinji tapgyryny amala aşyrýan potratçylaryň hataryna girýär. «Aga-Gurluşyk» kompaniýasy Aşgabat şäheriniň gurluşygynyň 13-nji tapgyryna gatnaşdy. Şeýle hem 2025-nji ýylyň oktýabrynda Azerbaýjanyň Fizuli şäherinde metjidiň taslamasyny taýýarlamak we gurmak boýunça şertnama baglaşdy. 2012-nji ýylda esaslandyrylan «Türkmen Bina Gurluşyk» kompaniýasy raýat we senagat gurluşygy, gurnama işleri hem-de ulag hyzmatlary bilen meşgullanýar. 2009-njy ýylda döredilen «Rysgally Zähmet» kompaniýasy raýat, senagat we infrastruktura gurluşygy ugurlarynda işleýär. Kompaniýanyň ýerine ýetiren taslamalarynyň hatarynda Gyýanlydaky polimer toplumynda we oňa barýan ýolda geçirilen işler hem bar. «Sahra Gurluşyk» kompaniýasy köprüleri, sütünli binýatlary we senagat desgalaryny gurmak, ýer işleri bilen meşgullanmak, şeýle hem demir-beton önümlerini öndürmek boýunça işleri alyp barýar. «Ýiti Galam» kompaniýasy 2023-nji ýylda «Ak şäherim Aşgabat» atly XXII halkara köpugurly sergide öz taslamalary bilen tanyşdyrdy. «Rysgally Inžener» kompaniýasy hem maslahatyň we serginiň geçirilmegine kümüş hemaýatkär hökmünde goldaw berer. «CIET-2026» halkara maslahatynyň we sergisiniň maksatnamasy, şeýle hem çärä gatnaşmak bilen bagly maglumatlar onuň resmi saýtynda ýerleşdirildi: ciet-turkmenistan.com.