RSFSR-iň halk artisti Lidiýa Fedoseýewa-Şukşina bejerip bolmaýan keselli diýlip ykrar edildi hem-de pallatiw bejergä geçirildi diýip, Telegram-ýaýlyma salgylanýan «MIR 24» habar berdi. Çeşmäniň maglumatlaryna laýyklykda, aktrisa häzirki wagtda reanimasion bejergi alýar we öýkenleri emeli howa bilen üpjün ediş enjamyna baglanandyr. Onuň ýagdaýy gitdigiçe ýaramazlaşýar. Aktrisa agyr ýürek-damar keseli sebäpli tapdan düşdi diýlip, habarda bellenýär. «Esasy keseli doly bejermek eýýäm mümkin däl. Indi baş maksat onuň agyrylaryny ýeňilleşdirmek, aktrisa üçin oňaýlylyk we hemişelik gözegçilik gerek» diýlip, habarda bellenýär. Lidiýa Fedoseýewa-Şukşina 1938-nji ýylyň 25-nji sentýabrynda Leningradda doguldy. Köp ýyllyk kärinde 100-den gowrak filmde surata düşdi, olaryň arasynda «Iki kapitan» (1955), «Biziň ruhumyzy halas ediň» (1960), «Gyzyl kalina» (1973), «Şa zenanyň şahsy durmuşy» (1993) we «Graf aýaly Şeremetýewa» (1994) ýaly meşhur filmler bar.