Awstraliýanyň Harrou şäherindäki dükan eýesi Eş Stenbrij doňduryjy enjamda 30 ýyllap ýatan buzgaýmak tapdy diýip, «ABC News» habar berdi. Dükan 145 ýyl bäri işläp gelýär, emma Eş ony bary-ýogy 10 aý bäri dolandyrýar. Süýt şokoladly wanil buzgaýmak bir wagtlar diýseň meşhur ekeni. «Men 90-njy ýyllaryň aýagynda çagadym, şol döwür bu buzgaýmagy hemmeler halaýardy. Men onuň gabyny ilki görenimde, hepdäniň anna günleri buzgaýmak iýmäge gidişimiz ýadyma düşdi» diýip, dükanyň eýesi gürrüň berýär. Stenbrij buzgaýmagy öndüriji kompaniýa bilen habarlaşypdyr, oňa bu ýagdaýy öwrenjekdiklerini aýdypdyrlar.