Türkmen döwlet gurjak teatrynyň döredijilik topary 21–26-njy oktýabr aralygynda Duşenbe şäherinde geçirilen VIII «Çodari haýol» halkara gurjak teatrlarynyň festiwalynda üstünlikli çykyş etdi. Bu barada «Türkmenistan: Altyn asyr» elektron neşiri habar berýär. Türkmen teatry türkmen halkynyň Milli Lideri tarapyndan ýazylan «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly kitabynyň esasynda sahnalaşdyrylan «Heňňamlaryň hekaýaty» atly spektakly tomaşaçylara hödürledi. Sahna eserinde gurjak teatryna mahsus çeperçilik serişdeleriniň üsti bilen parahatçylyk, agzybirlik, dostluk we ynsanperwerlik ýaly düýpli gymmatlyklar açylyp görkezilýär. Spektakl tomaşaçylarda uly gyzyklanma döretdi. Türkmen döwlet gurjak teatry Duşenbede geçirilen «Çodari haýol» halkara festiwalynda üstünlikli çykyş etdi Üstünlikli çykyşy üçin Türkmen döwlet gurjak teatry halkara festiwalynyň diplomyna we kubogyna mynasyp boldy. Türkmenistandan gatnaşan döredijilik topary bilen bir hatarda, festiwalda Russiýanyň, Özbegistanyň weTäjigistanyň gurjak teatrlary hem öz sahna eserlerini görkezdiler. Neşiriň habar bermegine görä, festiwalyň çäklerinde teatrlaryň artistleri üçin tejribe we sungat ulgamyndaky öňde baryjy gazananlar bilen alyşmaga gönükdirilen ussatlyk sapaklary hem geçirildi. Olaryň dowamynda, hususan-da, gurjaklary ýasamagyň täze tehnologiýalaryna aýratyn üns berildi.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 19 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir→