Şu gün Aşgabatda «Metan baradaky maglumatlardan anyk hereketlere tarap: metan zyňyndylaryny dolandyrmagy kämilleşdirmek, maýa goýumlaryny çekmek we Merkezi Aziýada sebit hyzmatdaşlygyny ösdürmek» atly sebit maslahaty öz işine başlady. Aşgabatda MASEM-iň metan boýunça sebit maslahaty öz işine başlady Maslahat Merkezi Aziýanyň Sebitleýin ekologiýa merkezi (MASEM) tarapyndan nebitgaz pudagyna gönükdirilen «Merkezi Aziýada metan zyňyndylaryny azaltmak üçin mümkinçilikleri ösdürmek» (CA CBMER) taslamasynyň çäklerinde geçirilýär. Foruma Merkezi Aziýa ýurtlaryndan — Gazagystandan, Gyrgyzystandan, Täjigistandan, Türkmenistandan we Özbegistandan, şeýle hem synçy ýurtlar bolan Azerbaýjandan we Mongoliýadan 80-e golaý wekil gatnaşýar. Maslahata ekologiýa, howa we energetika meseleleri boýunça degişli ministrlikleriň we pudaklaýyn edaralaryň ýolbaşçylary, iri milli nebitgaz kompaniýalarynyň wekilleri, şol sanda «KazMunayGaz», «Uzbeknebitgaz», «SOCAR» kompaniýalarynyň, «Türkmengaz» we «Türkmennebit» döwlet konsernleriniň wekilleri gatnaşýarlar. Şeýle hem Türkmenistanda iş alyp barýan halkara energetika korporasiýalarynyň, halkara guramalaryň, diplomatik wekilhanalaryň, ylmy-barlag institutlarynyň hem-de hökümete dahylsyz guramalaryň wekilleri foruma gatnaşýar.