Hytaý Halk Respublikasynyň Uhan we Şençžen şäherlerinde Türkmenistanyň döwlet edaralarynyň işgärleri üçin emeli aň we sanly ulgam boýunça ýöriteleşdirilen okuw maslahaty geçirildi. 12 — 26-njy oktýabr aralygynda geçirilen okuw maslahatyna Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Innowasiýa maglumat merkeziniň hünärmenleri we ýurduň ýokary okuw mekdepleriniň wekilleri gatnaşdylar. Bu barada Türkmenistanyň Bilim ministrligi habar berýär. Çäräniň dowamynda Hytaýyň bilim ulgamynyň ösüşi, sanlylaşdyrma, emeli aň, innowasion tehnologiýalar, sanly ykdysadyýet hem-de halkara hyzmatdaşlygy boýunça temalaýyn okuw sapaklary we tanyşdyryş çäreleri geçirildi. Şeýle hem gatnaşyjylar «Alibaba» kompaniýasynyň iş tejribesi bilen tanyşdylar. Bellenilişi ýaly, okuw maslahaty Hytaýyň öňdebaryjy sanly tehnologiýalary we innowasion çözgütleri boýunça tejribe alyşmaga, alnan bilimleri Türkmenistanyň bilim ulgamynda, ylmy-barlag işlerinde we ýokary okuw mekdepleriniň sanlylaşdyrylmagynda peýdalanmagyň mümkinçiliklerini öwrenmäge şert döretdi.