Birleşen Arap Emirlikleriniň Prezidenti Muhammed ben Zaid Al Nahaýýan «Flydubai» kompaniýasynyň uçarmanlaryny uçary basyp almaga synanyşykda görkezen edermenligi üçin birinji derejeli Zaid II ordeni bilen sylaglady. Bu barada Dubaýyň Hökümetiniň metbugat gullugynyň «X» sosial torunda ýerleşdiren habaryna salgylanýan TASS ýazýar. Sylagy Dubaýyň mirasdüşer şazadasy Hamdan ben Muhammad Al Maktum gowşurdy, ol ekipažyň hereketini jogapkärçilik duýgusy hökmünde häsiýetlendirdi. 30-njy sentýabrda Dubaýdan Tel-Awiwe uçan «Flydubai» uçary howpsuzlyk bilen bagly Tabuka howa menzilinde gyssagly gondy. 1-nji oktýabrda Saud Arabystanynyň Içeri işler ministrligi ikinji uçarmanyň baş uçarmana hüjüm edendigini, netijede, ikisiniň hem ýaralanandygyny habar berdi. BAE-niň häkimiýetleri bolup geçen wakanyň sebäplerini hem-de ýagdaýlaryny derňeýär.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 19 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir→