31-nji oktýabrda Türkmenistandaky Fransuz instituty we Türkmenistanyň Küşt federasiýasy küşt klubynyň täze möwsümini açýarlar. Küşt klubynyň duşuşyklary her şenbe güni sagat 18:30-da institutyň binasynda geçiriler. Klubda gatnaşyjylara mähirli we dostlukly gurşaw, şeýle hem küşt tagtasynyň başynda dürli derejedäki oýunçylar bilen duşuşyp, küşt oýnamak mümkinçiligi dörediler. Küşt klubyna gatnaşmak mugt. Goşmaça maglumatlar üçin telefon belgileri: (+99312) 36-83-70, 36-83-71, 36-83-72. Telefon arkaly duşenbe–anna günleri, sagat 14:00-dan 19:00-a çenli habarlaşyp bilersiňiz. Salgysy: Aşgabat şäheri, Aga Garryýew köçesi, jaý 69.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 19 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir→