Täjigistan Respublikasyna iş saparynyň çäklerinde Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygynyň bu ýurduň Oli Majlisiniň Milli Majlisiniň Başlygy Rustam Emomali bilen duşuşygy geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Mejlisiniň resmi saýtynda habar berildi. Taraplar iki ýurduň arasyndaky dostlukly hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryň döwlet Baştutanlarynyň tagallalary netijesinde yzygiderli ösdürilýändigini, iki ýurduň arasyndaky syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni we ynsanperwer ugurlardaky dostlukly gatnaşyklaryň ikitaraplaýyn görnüşde, şol sanda abraýly halkara guramalaryň çäklerinde has-da pugtalanýandygyny bellediler. Şunuň bilen baglylykda, döwletara derejesindäki syýasy-diplomatik ýörelgelere eýerip, geljekde ählumumy platformalarda — Parlamentara Bileleşik, Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Parlament Assambleýasy, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna gatnaşyjy döwletleriň Parlamentara Assambleýasy ýaly halkara parlament meýdançalarynda birek-biregiň başlangyçlaryny goldamak bellenildi. Duşuşygyň dowamynda iki ýurduň arasyndaky giň möçberli, deňhukukly we özara bähbitli gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmekde iki döwletiň halkara hukuk ulgamyndaky hyzmatdaşlygyna uly ornyň degişlidigi bellenildi. Bu gatnaşyklaryň häzirki wagtda halklaryň arasyndaky dost-doganlygy has-da pugtalandyrmaga, döwletara hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny parlament diplomatiýasynyň üsti bilen goldamaga mümkinçilik döredýändigi nygtaldy. Duşuşygyň ahyrynda D.Gulmanowa Täjigistan Respublikasynyň Oli Majlisiniň Milli Majlisiniň Başlygy Rustam Emomalini hem-de parlament wekillerini ýurdumyzda geçiriljek «ÝHHG-niň çäginde dialogyň, ynanyşmagyň we howpsuzlygyň bähbidine halkara hukugy ilerletmek» atly üçünji Aşgabat maslahatyna hem-de Türkmenistanyň 2026-njy ýylda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynda başlyklyk etmeginiň çäklerinde Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna gatnaşyjy döwletleriň Parlamentara Assambleýasynyň Geňeşiniň mejlisine, şeýle hem Bitaraplygyň dostlary toparyna agza ýurtlaryň parlament ýolbaşçylarynyň utgaşykly görnüşde geçiriljek üçünji duşuşygyna gatnaşmaga çagyrdy.