28-nji oktýabrda Daşkent şäherinde «Merkezi Aziýa — bilim, ylym we innowasiýalaryň täze giňişligi» atly halkara bilim forumy geçirildi. Çäräniň açylyşynda Türkmenistanyň bilim ministri Jumamyrat Gurbangeldiýew gutlag sözi bilen çykyş etdi. Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň habar bermegine görä, ministr J.Gurbangeldiýew öz çykyşynda forumy guraýjylara minnetdarlyk bildirip, sebitleýin hyzmatdaşlygyň möhümdigini belledi. Çykyşda ýurtda bilim ulgamynda alnyp barylýan özgertmeler, şol sanda 2026 — 2052-nji ýyllar üçin ýokary bilimi ösdürmek Strategiýasy we täze kabul edilen döwlet maksatnamalary bellenip geçildi. Şeýle hem türkmen halkynyň Milli Lideriniň halkara ylym-bilim ýaşlar klasterlerini döretmek baradaky başlangyjyna aýratyn üns çekildi. Çykyşda Türkmenistan bilen Özbegistanyň arasyndaky strategik hyzmatdaşlyk, şol sanda «Awazada» gol çekilen täze ylalaşyklar, rektorlaryň forumlary we talyplaryň alyş-çalşygy ýaly möhüm ugurlar nygtaldy. Türkmenistanyň sebitde bilim we ylym gatnaşyklaryny mundan beýläk-de ösdürmäge taýýardygy tassyklanyldy diýlip, habarda bellenilýär.