Italiýanyň AC Motorsport we Michelotto kompaniýalary Ferrari 308 GTB modeliniň esasynda döredilen Michelotto Gruppo 4 Tributo atly sport awtoulagyny tanyşdyrdylar. Täze awtoulag nusgawy italýan sport ulaglarynyň dizaýnyny döwrebap gurluş, atmosferaly V8 hereketlendirijisi we mehaniki geçirijiler gutusy bilen utgaşdyrýar. AC Motorsport kompaniýasynyň esaslandyryjysy Françesko Kaltsawara ozal Michelotto kompaniýasynda işläpdir. Öz kompaniýasyny bolsa iki ýyl mundan öň döredipdir. Asyl awtoulaglaryň esasynda täzeden gurlan modellerden tapawutlylykda, Gruppo 4 Tributo düýbünden özbaşdak taslama bolup, onuň turba görnüşli şassisi we ýeňil birleşdirilen materiallardan ýasalan kuzow panelleri bar. Awtoulagyň ölçegleri we esasy görnüşi Ferrari 308 modelini ýatladýar. Onuň daşky bezeginde ýokaryk-aşak hereket edýän öňki faralar, pesde ýerleşýän öň bölegi, kapotda we öňki ganatlaryndaky howa çykarlary, şeýle hem gapylaryň aňyrsynda ýerleşen uly howa sorujy deşikler bar. Yzky böleginde dört sany tegelek çyra, goşa gaz çykaryjy turba we açyk uglerod süýüminden ýasalan diffuzor ýerleşdirilipdir. Tigirleriň giňeldilen arkalary bolsa awtoulagy has haýbatly görkezýär. Sport awtoulagyna göwrümi 3,4 litrlik, 380 at güýjüne we 365 Nm aýlaw pursatly V8 hereketlendirijisi oturdylypdyr. Awtoulagyň agramy ýangyçsyz we sürüjisiz 950 kg deň bolup, bu asyl Ferrari 308 modelinden, takmynan, 140 kg ýeňildir. Gruppo 4 Tributo-nyň ady Michelotto kompaniýasynyň Ferrari 308 GTB esasynda ralli ýaryşlary üçin taýýarlan awtoulaglaryna çalym edýär. Täze modeliň bahasy häzirlikçe mälim edilmedi.