Bulaşyk howa Latyn Amerikasyny basdy, birnäçe ýurt suwuň astynda galdy diýip, «MIR 24» habar berdi. Ekwadorda köçeler, öýler we esasy gara ýollar gark boldy. Elektrik üpjünçiligi bozuldy. Howa menzilleri işini togtatdy. Adamlary wagtlaýyn düşelgelere göçürýärler. Sil joşmalary 23 müň adamyň durmuşyna täsir etdi, heläk bolanlar bar. Meksikada hem sil 11 adamyň ömür tanapyny kesdi. Gatlanyň ýykylmagy netijesinde suwuň güýçli akymy awtoulaglary ýollardan syryp äkitdi. Ejir çekenler üçin hemaýat merkezlerini açdylar. Lagym ulgamlaryny we infrastrukturany abatlamak boýunça işler gyzgalaňly alnyp barylýar.