Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrliginiň we onuň garamagyndaky kärhanalaryň işgärleri zenanyň maşgalada we jemgyýetde eýeleýän orny barada söhbet etmek maksady bilen, ýurdumyzyň Zenanlar birleşiginiň wekilleri bilen duşuşdylar. «Ornuňyz tördedir, sarpaňyz belent, ýaşaýşa ýarandyr mährem zenanlar» atly wagyz-nesihat duşuşygy 26-njy oktýabrda ministrligiň mejlisler zalynda geçirildi. Çäräni Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrligi hem-de Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşi bilelikde gurady. Aşgabatda Zenanlar birleşigi bilen Aragatnaşyk ministrligi zenanyň maşgalada we jemgyýetde eýeleýän orny barada söhbetdeşlik geçirdi Duşuşyga gatnaşyjylara Türkmenistanyň gazanýan üstünlikleri, halkara abraýy we depginli ösüşi barada gürrüň berildi. Duşuşygyň esasy mowzugy milli däp-dessurlar, ýaş nesli terbiýelemek hem-de maşgala mukaddesliginiň mizemezligini gorap saklamak bilen baglanyşykly boldy. Duşuşyga şeýle hem Zenanlar birleşigine wekilçilik edýän Aşgabat şäherindäki çagalar baglarynyň biriniň terbiýeçisi, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň ylmy işgäri, Aragatnaşyk ministrliginiň we onuň garamagyndaky kärhanalaryň işgärleri gatnaşdylar.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 9 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir→