Ürgenç döwlet uniwersitetinde Türkmenistanyň bilim ministri Jumamyrat Gurbanberdiýew bilen uniwersitetiň rektory Feruza Madrähimowanyň arasynda resmi duşuşyk geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň resmi saýtynda habar berildi. Habarda bellenilişi ýaly, duşuşygyň dowamynda ýokary bilim we ylym ulgamlarynda hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy. Uniwersitetiň rektory Feruza Madrähimowa ýokary okuw mekdebiniň daşary ýurtly talyplary, şol sanda Türkmenistanyň ýaşlaryny hem uniwersitetde okamaga çekmäge, olar üçin amatly şertleri döretmäge, Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleri bilen ylmy we akademiki gatnaşyklary giňeltmäge, şeýle hem bilelikdäki başlangyçlarydyr taslamalary durmuşa geçirmäge taýýardygyny beýan etdi. Duşuşykda Ürgenç döwlet uniwersitetiniň talyplarynyň her ýyl Türkmenistanda geçirilýän halkara ders olimpiadalaryna işjeň gatnaşýandyklary bellenildi. Taraplar hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmek, iki ýurduň alymlarynyň we talyplarynyň halkara ylmy maslahatlara, forumlara hem-de akademiki çärelere özara gatnaşygyny işjeňleşdirmek barada pikir alyşdylar.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 9 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir→