Niderlandlaryň Hökümeti emeli aňy ornaşdyrmak maksatnamasynyň çäklerinde döwlet gullukçylarynyň 25 müňe golaýyny azaltmakçy bolýarlar diýip, «Bloomberg» agentligine salgylanýan «rg.ru» habar berdi. Netijede, 2035-nji ýylda býujet her ýyl 3,5 milliard ýewro tygşytlar diýlip garaşylýar. Işgärleriň kemeldilmegi, esasan, minsitrliklere, inspeksiýalara we ýerine ýetiriji edaralara, biraz polisiýa hem-de gorag ulgamyna galtaşar. Käbir edaralarda işgärleriň 45-60 göterimi kemeldiler. Resmi maglumatlara laýyklykda, 2025-nji ýylyň ahyrynda Niderlandlarda döwlet gullukçylarynyň sany rekord derejedäki 160 müň adama deň bolupdyr, bu 2018-nji ýyldakydan 41 göterim köpdür.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 10 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir→