Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn edaralarynyň wekilleri 2026-njy ýylyň 12–16-njy oktýabry aralygynda Beýik Britaniýada iş saparynda boldular. Saparyň maksady metan zyňyndylaryny azaltmak boýunça halkara tejribesini we öňdebaryjy usullary öwrenmekden ybarat boldy. Sapara Ýewropa Bileleşiginiň we Germaniýanyň Federal daşary işler ministrliginiň bilelikde maliýeleşdirýän hem-de GIZ guramasy tarapyndan durmuşa geçirilýän «Syýasy dialog we howa boýunça 2024–2029-njy ýyllar üçin çäreler» taslamasy goldaw berdi. Türkmenistanyň wekiliýeti metan zyňyndylaryny azaltmak boýunça Beýik Britaniýanyň tejribesini öwrendi Saparyň dowamynda türkmen hünärmenleri Beýik Britaniýanyň kadalaşdyryjy çemeleşmeleri, şeýle hem nebitgaz pudagynda metan zyňyndylaryna gözegçilik etmek, olary tassyklamak we azaltmak boýunça ulanylýan tehnologiýalar bilen tanyşdylar. Saparyň maksatnamasy Londony, Aberdini, Piterhedi we Tissaýd sebitini öz içine aldy. Türkmenistanyň wekiliýeti metan zyňyndylaryny azaltmak boýunça Beýik Britaniýanyň tejribesini öwrendi Wekiliýet Beýik Britaniýanyň Energetika howpsuzlygy we uglerod bitaraplygy departamentiniň (DESNZ), şeýle hem howa syýasaty we metan zyňyndylaryny azaltmak boýunça çäreler üçin jogapkär beýleki döwlet edaralarynyň wekilleri bilen brifinglere gatnaşdy. Şeýle-de Sent-Fergusdaky «Shell» kompaniýasyna degişli gazy gaýtadan işleýän zawoda we «Wood Group» kompaniýasynyň düzümine girýän «CATS» gaz terminalyna tehniki saparlar guraldy. Mundan başga-da, «UK Offshore Energies» (OEUK) assosiasiýasynyň hem-de metan zyňyndylaryny azaltmak boýunça öz tejribelerini paýlaşan hususy kompaniýalaryň wekilleri bilen duşuşyklar geçirildi. Wekiliýet klapanlary öndürmek we gözegçiliksiz zyňyndylara garşy göreşmek boýunça ýöriteleşen «Score Group Limited» kompaniýasynyň baş edarasyna baryp gördi. Saparyň maksatnamasynyň çäklerinde «Royal Holloway» kollejiniň parnik gazlaryny öwreniş toparyna hem baryldy. Şeýle hem zyňyndylara hemralaryň kömegi bilen gözegçilik etmek meseleleri boýunça «GHGSat» kompaniýasynyň ýolbaşçylary bilen duşuşyk geçirildi. «BP» kompaniýasynyň hünärmenleri bilen geçirilen iş duşuşygynda bolsa metan zyňyndylaryny dolandyrmak we gazlary alaw desgalarynda ýakmak boýunça toplanan tejribe bilen tanyşdyryldy. Ýewropa Bileleşiginiň gazylyp alynýan ýangyjyň importyna degişli ekologik standartlary kesgitleýän Metan baradaky düzgünnamasynyň talaplaryny ulanmak boýunça Beýik Britaniýanyň tejribesine aýratyn üns berildi. Türkmenistan üçin bu mehanizmler bilen tanyşmak Ýewropanyň energetika bazary bilen özara hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerini öwrenmek hem-de degişli infrastruktura desgalaryny halkara ekologik standartlara uýgunlaşdyrmak nukdaýnazaryndan möhümdir. Saparyň dowamynda alnan netijeleri we öwrenilen tehniki tejribäni metan zyňyndylaryny azaltmak boýunça çäreleri iş ýüzünde durmuşa geçirmekde, şeýle hem Metan boýunça ählumumy borçnamanyň maksatlaryna ýetmekde peýdalanmak meýilleşdirilýär.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 9 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir→