27-nji oktýabrda Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynda Yrak Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçisihanasynyň işleri wagtlaýyn ynanylan wekili Jassim Mohammed Al-Attar bilen iş duşuşygy geçirildi. Bu barada gullugyň resmi saýtynda habar berildi. Habarda bellenilişi ýaly, duşuşykda döwletara gatnaşyklaryň ýokary derejesini hem-de olaryň okgunly we üstünlikli ösýändigini bellenildi. Şeýle hem taraplar türkmen-yrak hyzmatdaşlygynyň migrasiýa ulgamyndaky gatnaşyklaryň geljegi we mümkinçilikleri barada pikir alşyp, onuň ileri tutulýan ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar. Duşuşygyň ahyrynda taraplar hyzmatdaşlygyň geljekde hem sazlaşykly ösdüriljekdigine ynam bildirip, bu ugurda alnyp barylýan ähmiýetli işlerde üstünlikleri arzuw etdiler.