«Apple Pay» we «Google Pay» galtaşyksyz töleg hyzmatlary Özbegistanda işe girizildi. Bu barada Respublikanyň Prezidentiniň Diwanynyň ýolbaşçysy Saida Mirziýoýewe salgylanýan «INTERFAX.RU» habar berdi. «Men gowy habary siziň bilen paýlaşýandygyma şatlanýaryn: Şu gün Özbegistanda ahyrsoňy «Apple Pay» we «Google Pay» işläp başlady» diýip, Mirziýoýewa özüniň telegram-ýaýlymynda ýazdy. Ady tutulan hyzmatlar tölegleri fiziki bank kartlaryny ulanmazdan smartfonlaryň we «akylly» sagatlaryň kömegi arkaly amala aşyrmaga mümkinçilik berýär. Özbegistanyň Syýahatçylyk boýunça geňeşiniň habaryna görä, bu töleg hyzmatlarynyň ýola goýulmagy daşary ýurtly syýahatçylara ýurtda bolanlarynda nagt däl hasaplaşyklary amala aşyrmakda ýeňillik döreder.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 10 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir→