«Aýdyň Gijeler» hojalyk jemgyýeti «Türkmenistanyň gurluşyk, senagat, himiýa we energetika pudaklaryny ösdürmek» atly halkara maslahatynyň we sergisiniň (CIET-2026) baş hyzmatdaşy bolar. Bu barada çäräni guraýjylar habar berdiler. Forum 3–5-nji noýabrda Aşgabat şäherinde Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda geçiriler. Häzirki wagta çenli oňa gatnaşmak üçin 60 ýurtdan 800-den gowrak wekiliň hasaba alnandygy mälim edildi. Çäre döwlet edaralarynyň, önüm öndürijileriň, maýadarlaryň, maliýe edaralarynyň we tehnologiýa üpjün edijileriniň wekillerini bir ýere jemlär. Forumyň şygary — «Innowasiýalar. Maýa goýumlar. Ösüş.». Maksatnamada infrastruktura, sanlylaşdyrmak we maýa goýumlaryny çekmek bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşylar. «Aýdyň Gijeler» Aşgabatda geçiriljek «CIET-2026» forumynyň baş hyzmatdaşy bolar «Aýdyň Gijeler» hojalyk jemgyýeti 2016-njy ýylda döredildi. Kompaniýanyň berýän maglumatlaryna görä, onuň önümçilik binýady ondan gowrak önümçilik meýdançasyny öz içine alýar. Kärhana yşyklandyryş enjamlaryny (yşyklandyryş sütünlerini, köçe çyralaryny, prožektorlary we ýagtylyk-diod enjamlaryny), ýol hereketini guramak üçin enjamlary (ýol çyralaryny, ýol belgilerini, germewleri we dolandyryş enjamlaryny), alýumin we mis kabellerini, metal konstruksiýalaryny, profilleri hem-de turbalary öndürýär. «Aýdyň Gijeler» Aşgabatda geçiriljek «CIET-2026» forumynyň baş hyzmatdaşy bolar Mundan başga-da, kompaniýa milli brendler bilen elektron önümlerini, şol sanda smartfonlary, planşetleri, noutbuklary, telewizorlary, marşrutizatorlary we durmuş tehnikalaryny öndürýär. Şeýle hem bank kartlary, SIM-kartlar we şahsyýeti tassyklaýan resminamalar onuň öndürýän önümleriniň hataryna girýär. Çäräni guraýjylaryň habar bermegine görä, kompaniýa daşary ýurtlarda hem taslamalary durmuşa geçirýär. Eswatini Patyşalygynda ýeke-täk esaslandyryjysy «Aýdyň Gijeler» bolan iki kompaniýa döredildi. Olaryň biri milli şahsyýet kartlaryny we biometrik pasportlary öndürmek bilen meşgullanýan «Aýdyň Gijeler Eswatini», beýlekisi bolsa infrastruktura we elektrotehniki önümleri öndürýän «Eswatini Quantum Works» kompaniýasydyr. «Aýdyň Gijeler» Aşgabatda geçiriljek «CIET-2026» forumynyň baş hyzmatdaşy bolar Özbegistanda «Aydyn Gijeler Construction Technologies» taslamasy durmuşa geçirilýär. Bu taslamanyň çäklerinde Daşkent şäheriniň häkimligi bilen hyzmatdaşlyk etmek hakynda ähtnama gol çekildi we önümçilik toplumyny gurmak üçin ýer bölegi bölünip berildi. Bu ýerde ýol germewlerini, ýol belgilerini, yşyklandyryş sütünlerini we ulag infrastrukturasynyň beýleki düzüm böleklerini öndürmek meýilleşdirilýär. «CIET-2026» halkara maslahatynyň we sergisiniň maksatnamasy, şeýle hem çärä gatnaşmak baradaky maglumatlar onuň resmi web sahypasynda ýerleşdirildi: ciet-turkmenistan.com .

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 9 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir→