Türkmenistanyň döwlet ministri – «Türkmengaz» döwlet konserniniň başlygy Maksat Babaýew 27-nji oktýabrda Moskwa şäherindäki Halkara söwda merkezinde geçirilen Gazy eksport ediji ýurtlaryň forumyna gatnaşyjy ýurtlaryň döwlet we hökümet baştutanlarynyň sekizinji sammitine gatnaşdy. Türkmenistan sammite myhman hökmünde gatnaşdy. Bu barada Türkmenistanyň DIM-iniň metbugat gullugy habar berdi. Duşuşyga gatnaşyjylar tebigy gazyň ählumumy energetika howpsuzlygyny üpjün etmekdäki ornuny hem-de bu ýangyjyň dünýä bazarlaryna ygtybarly iberilmegini üpjün etmek üçin hyzmatdaşlygy has-da pugtalandyrmagyň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Bellenilişi ýaly, tebigy gaz gorlary boýunça dünýäniň öňdebaryjy döwletleriniň biri bolan Türkmenistan, känleri jogapkärli özleşdirmegi, döwrebap infrastrukturany, gazy gaýtadan işlemegi, nebitgazhimiýa önümçiligini, tehnologik innowasiýalaryny we durnukly ykdysady ösüşi utgaşdyrýan deňagramly hem-de öňdengörüjilikli syýasaty üstünlikli amala aşyrýar. Önümçilik kuwwatlyklaryny artdyrmak, eksport mümkinçiliklerini giňeltmek hem-de energiýa serişdeleriniň iberilişini diwersifikasiýalaşdyrmak arkaly giň halkara hyzmatdaşlygy üçin mümkinçilikleri döretmek Türkmenistanyň uzakmöhletleýin energetika strategiýasynyň esasyny düzýär. Gazy eksport ediji ýurtlaryň forumynyň sammitiniň jemleri boýunça Moskwa jarnamasy kabul edildi.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 9 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir→