Türkiýäniň Antalýa syýahatçylyk ülkesinde güýçli tüweleý dört adamyň heläk bolmagyna, bir adamyň ýaralanmagyna sebäp boldy. Bu barada ülkäniň ýerli häkimiýetlerine salgylanýan «ria.ru» habar berdi. Antalýanyň häkimiýetleri hepdäniň düşenbe güni ýerli ýaşaýjylarydyr syýahatçylary güýçli çabga hem-de harasatly tüweleý howpy barada duýdurdylar. Ülkäniň Kepez etrabynda sişenbä geçilýän gije tüweleýiň gurluşykçylaryň ýaşaýan öýlerini ýok edendigi, dört işçiniň heläk bolandygy, bir işçiniň ýaralanandygy habarda aýdylýar. Ýurduň Baş meteorologiýa edarasynyň çaklamasyna görä, ýagynlar ülkede anna güni diňer, emma şenbede ýene ýagyp başlar.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 9 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir→