29-30-njy oktýabrda Ankarada Türki Döwletleriň Guramasynyň 13-nji sammiti geçiriler. Oňa Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň hem gatnaşmagyna garaşylýar. Bu barada «Anadolu Ajansi» habar berýär. Çäreleriň meýilnamasyna görä, 29-njy oktýabrda Daşary işler ministrleriniň geňeşiniň mejlisi geçiriler. 30-njy oktýabrda Türk Döwletleriň Guramasynyň 13-nji sammiti guralar. Onda taraplar guramanyň çägindäki hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýyny we geljegini ara alyp maslahatlaşarlar. Şeýle hem sammitde TDG-niň başlyklygy Türkiýeden Azerbaýjana geçiriler. Şol bir wagtyň özünde sammitde döwlet Baştutanlarynyň hyzmatdaşlygyň çuňlaşdyrylmagyna we TDG-niň institusional gurluşynyň berkidilmegine gönükdirilen dürli kararlar, resminamalar hem-de Ankara Jarnamasyny kabul ediler. Habarda bellenilişine görä, 30-njy oktýabrda Türkmenistanyň Prezidentiniň Serdar Berdimuhamedow türki dünýäniň işewürleri bilen duşuşmagy meýilleşdirilýär.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 9 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir→