Russiýanyň Seçenow uniwersitetiniň alymlary ilkinji bolup, koronawirusyň yzlarynyň öň COVID-19 bilen kesellänleriň organizminde uzak wagtlap saklanyp galýandygyny we käbir keselleriň ösüşine täsir edip biljekdigini subut etdiler. Bu barada ýokary okuw mekdebiniň metbugat gullugyna salgylanýan «ria.ru» habar berdi. Ýagny hünärmenler koronawirusyň RNK-syny (ribonuklein turşulygy) we beloklaryny başdan geçirilen ýokançdan aýlar, hatda ýyllar soň hem öýkende, aşgazan-içege ulgamynda, ýürekde we endometriýada ýüze çykardylar. Kowidden soňky döwrüň öýkenleriň ötüşen obstruktiw kesellerine sebäp bolýandygy bellenýär, galyberse-de, käbri hassalarda ötüşen çişme hasaba alnypdyr. Kowidden soňky döwür alamatynyň öýkenleriň rak keseli, bagryň üýtgemesi, aşgazanyň, inçe we ýogyn içegäniň, aşgazanasty mäziň we ýürek keselleri bilen baglydygy hem anyklandy.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 9 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir→