Töwekgelçiligi halaýan hytaýly gaýygyň ýerine motosikli peýdalanyp, dünýä rekordyny goýmagy başardy. Ol açyk suwda üýtgedilen iki tekerli ulag bilen 40 kilometr menzil geçdi, indi onuň ady Ginnesiň rekordlar kitabyna girdi diýip, «MIR 24» habar berdi. Hytaýly rekorda taýýarlanmak üçin 17 ýyly sarp etdi. Ol suwda iki tigir ulagly hereket etmäge synaglara baryp 2009-njy ýylda başlady, emma ilki synanyşyklary şowsuz boldy. Ol motosiklleri bejerýän ussa bolup işleýärdi hem-de suwda 26 metr menzil geçmek barada arzuw edýärdi. Ol kem-kemden öz toparyny toplady, indi onuň superbaýk ýaryşlary boýunça iň gowy topary bar diýlip, habarda aýdylýar.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 day ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir→