«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» şygary astynda geçýän şu ýylda-da Türkmen alabaýynyň baýramy ýokary ruhubelentlige beslendi. Türkmenistanyň Prezidentiniň alabaýlary dünýä ýüzünde şöhratlandyrmak babatda berýän goldaw-hemaýatlarynyň netijesinde, dürli bäsleşikler guralyp, olar köp adamlylygy bilen tapawutlanýar. Däp bolşy ýaly, şu ýyl hem alabaý itleriň keşbini şekillendiriş we amaly-haşam sungatynyň eserlerinde, neşir önümlerinde, fotosuratlarda, teleýaýlymlarda çeper beýan etmek ugrunda halyçylaryň, suratkeşleriň, heýkeltaraşlaryň arasynda bäsleşik guralyp, onuň ýeňijileri yglan edildi. «Türkmenistan» gazetinde habar berlişi ýaly, bäsleşikde Aşgabat çeper halyçylyk kärhanasynyň suratkeşi Amanmyrat Gulberdiýew «Türkmen alabaýy» atly haly eseri, Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň talyby Serdar Osmanow «Miras» atly nakgaşlyk eseri, şol sungat ojagynyň talyplary Bahar Batyrowa «Alabaýyň waspy» atly heýkel eseri, Ybraýym Ýaýlimow «Senenama — 2026» atly neşir işi hem-de S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň öwreniji mugallymy Nurberdi Orazgeldiýew «Türkmen oba hojalyk uniwersitetinde kinolog hünärmenleriň taýýarlanylyşy» atly wideoşekili bilen bäsleşikde ýeňiji diýlip yglan edildi. Ýeňijilere hormatly Prezidentiň adyndan ýadygärlik sowgatlar we şahadatnamalar dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 19 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir→