Naýrobide gurluşygy alnyp barylýan köp gatly bina ýykyldy, onuň aşagynda 100 töweregi adamyň bolmagy mümkin. Bu barada «Arab News» neşirine salgylanýan «Belta.by» habar berdi. Bina paýtagtyň Istli diýen köp ilatly işewürlik hem-de ýaşaýyş etrabynda ýerleşýär. Wakanyň bolan ýerinde gözleg-halas ediş işleri alnyp barylýar, emma binanyň iki sany beýik jaýyň arasynda ýerleşýändigi üçin oňa barmak kyn. Polisiýa bir adamyň halas edilendigini habar berdi.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 19 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir→