Russiýa Federasiýasynyň Hökümeti 2026-2027-nji okuw ýylynda Russiýanyň ýokary okuw mekdeplerinde Türkmenistanyň raýatlary üçin 500 sany býujet ornuny bölüp berdi. Bu barada Russiýanyň Türkmenistandaky ilçisi Iwan Wolynkin «Русский ГлаголЪ» halkara edebi bäsleşiginiň metbugat gullugyna beren interwýusynda habar berdi. Diplomatyň sözlerine görä, türkmen ýaşlarynyň Russiýada bilim almaga bolan gyzyklanmasy örän ýokarydyr. Ol mekdep döwründe alnan rus dili biliminiň okuwa girmekde esasy artykmaçlyklaryň biridigini belledi. «Eýýäm bilýän dilinde leksiýalara, ylmy makalalara we synaglara duçar bolýan birinji ýyl talyba bir wagtyň özünde dil bökdençligini we täze sapagy ýeňip geçmän, ünsüni göni hünärine jemlemek aňsat düşýär» diýip, Wolynkin düşündirdi. Ilçiniň bellemegine görä, dil gündelik durmuşda hem kömek edýär: talyplar has çalt dost tapýarlar we özlerini talyp jemgyýetçiliginiň bir bölegi hökmünde duýýarlar, şol sebäpli hem uýgunlaşmak has ýeňil geçýär. I.Wolynkin Russiýanyň diplomynyň lukmançylyk, inženerçilik, maglumat tehnologiýalary, ykdysadyýet, halkara gatnaşyklary we ynsanperwer ylymlary ugrunda giň mümkinçilikleri açýandygyny aýtdy. Talyplar ylmy taslamalara gatnaşmaga, önümçilik tejribeligini geçmäge we hünär aragatnaşyklaryny ýola goýmaga mümkinçilik alýarlar, şunuň bilen birlikde olaryň köpüsi alan bilimlerini öz ýurdunyň bähbidine peýdalanmak üçin öýlerine dolanyp gelýärler diýip, ol sözüniň üstüne goşdy. Şeýle hem ilçi Aşgabatdaky «Rus öýüniň» işi barada gürrüň berdi. Ýylboýy onuň meýdançasynda Russiýanyň ýokary okuw mekdeplerine okuwa girmek şertleri barada «tegelek stol» söhbetdeşlikleri, onlaýn-seminarlar we başga-da birnäçe çäreler geçirilýär. Oktýabr aýynda ol ýerde Moskwanyň birnäçe öňdebaryjy uniwersitetleriniň wekilleriniň A.S.Puşkin adyndaky bilelikdäki türkmen-rus orta mekdebiniň ýokary synp okuwçylary bilen açyk duşuşygy geçirildi.