Türkmenistanda rus diline we rus medeniýetine uly isleg bar: bu ýerde rus filmlerini we seriallaryny gowy görýärler, ýurduň estrada ýerine ýetirijilerini höwes bilen diňleýärler, Russiýadan gelýän artistleriň gastrollary bolsa hemişe diňleýjilerden we tomaşaçylardan doly zallarda geçýär. Bu barada Russiýa Federasiýasynyň Türkmenistandaky ilçisi Iwan Wolynkin «Русский ГлаголЪ» halkara edebi bäsleşiginiň metbugat gullugyna beren interwýusynda mälim etdi. Diplomatyň sözlerine görä, rus dilindäki aýdymlar söwda merkezlerinde we kafelerde ýaňlanýar. I.Wolynkin taryhy taýdan rus diliniň ýurtda milletara aragatnaşyk guraly hökmünde hyzmat edýändigini belledi. «Şu günki günde meniň pikirimçe, onuň esasy gymmaty ýaşlara rus bilimine, maglumat giňişligine, ylmy we edebi mirasa ýol açýandygynda, şeýle hem biziň ýurdumyz bilen hünär aragatnaşyklaryny ýola goýmaga ýardam edýändigindedir» diýip, ol nygtady. Ilçi Russiýanyň ilçihanasy öz ygtyýarlyklarynyň çäginde rus dilini okatmagy kämilleşdirmek, rus dili mugallymlaryny taýýarlamak, okuw serişdelerini täzelemek we ýurduň söz sungatyny wagyz etmek boýunça başlangyçlara yzygiderli ýardam berýändigini sözüniň üstüne goşdy. Onuň sözlerine görä, bu taslamalara diňe bir paýtagtly hünärmenler däl, eýsem, Türkmenistanyň beýleki welaýatlarynyň wekilleri hem gatnaşýarlar. Diplomat 6-njy iýunda, Aleksandr Puşkiniň doglan gününde, bütin dünýäde, şol sanda Türkmenistanda hem Rus diliniň gününiň bellenilip geçilýändigini ýatlatdy. Aşgabatda bu baýramçylygyň merkezi hökmünde adaty bolşy ýaly, 1901-nji ýylda şahyryň bürünç býustunyň ýerleşdirilen Puşkin seýilgähi çykyş edýär. Şol gün ýadygärlige gül goýmak üçin köp sanly adamlar gelýärler. I.Wolynkin 2024-nji ýylda «Magtymguly Pyragy» medeni-seýilgäh toplumynda ýurtda Fýodor Dostoýewskä dikeldilen ilkinji ýadygärligiň açylmagyny taryhy waka diýip atlandyrdy. Onuň sözlerine görä, türkmen tarapynyň ýazyjynyň ýadygärligini ebedileşdirmek baradaky karary rus edebiýatynyň dünýä medeniýetine goşan goşantlarynyň ykrar edilmegi hökmünde baha berilýär.