Ak tamyň öňki metbugat kätibi Keýti Zekeraýa bu wezipede bary-ýogy bäş gün işledi, emma ol ilkinji metbugat birifinginde žurnalistleriň özlerini alyp baryşlaryndan gaty gorkdy. Bu barada ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp habar berdi diýip, TASS ýazýar. «Hol yzdaky adamlara serediň! – diýip, amerikan lideri Floridada tarapdarlarynyň öňünde çykyş edende aýtdy: – Olaryň alty ýa-da ýedi göterimi, hakykatdanam, gowy žurnalistler. Emma olar gygyryşýardy. Olaryň dürli zady bilesleri gelýärdi, «Bu nähili onsoň? Ýeri, oňa näme diýersiň?» diýşip, bu görgüli gyzy (Zekeraýany) aljyradyp barýardylar. Bu ajaýyp, owadan zenan zala giren dessine žurnalistleriň gygyryşýan sowallaryndan gaty gorkdy. Men oňa diýdim: «Bilýäňmi näme, Keýti? Günüňi aýlamak üçin başga-da iş kän. Seniň, dogrudanam, şu was-wasylar bilen işleşesiň gelýärmi? Eger isleseň, pul gazanmak üçin has ýönekeýräk işlerem bar» diýdim». Zekeraýa metbugat kätibiniň wezipesinde bäş gün işledi, onuň 13-nji oktýabrdaky ilkinji metbugat birifingi 14 minut dowam etdi.