Russiýada iň uly torty Inguşetiýada taýýarladylar. Orta asyr diňi görnüşinde bişirilen süýji nany Magas şäheriniň meýdançasynda dikdiler. Oňa tomaşa etmäge ýüzlerçe adam üýşdi diýip, «MIR 24» habar berdi. Boýy 10 metr bolan diňli tort üç gatly öý bilen bäsleşip bilýär. Onuň agramy iki ýarym tonna. Konditer täsinligini taýýarlamaga 20-den gowrak adam gatnaşdy. Ýeri gelende aýtsak, diň Inguşetiýanyň simwolydyr. Sebäbi olaryň Respublikada birnäçe müňüsi bar. «Bu çagalyk arzuwymdy, hemişe diň ýasamagy halaýardym. Men hökman şeýle süýji nany taýýarlaryn diýip, öňümde maksat goýdum» diýip, bu aşhana taslamasynyň guramaçysy hem-de baş aşpezi Luiza Siskiýewa gürrüň berýär. Taslama Russiýanyň halklarynyň bitewülik ýylynda amala aşyryldy, onuň guramaçylary bolup Inguşetiýanyň Medeniýet we syýahatçylyk ministrligi çykyş etdi. Diň görnüşdäki sýji nan Russiýanyň rekordlar kitabynda hasaba alyndy. Iň ahyrky «kerpijini» goýansoňlar, torty «söküp», şäheriň ýaşaýjylaryna paýladylar.