«Volkswagen» nemes awtokonserni ykdysady tygşytlylyk maksatnamasynyň çäklerinde 2030-njy ýyla çenli ýene on iki müň işgärini azaltmakçy. Bu barada «Bild» neşirine salgylanýan «ria.ru» habar berdi. Neşiriň ýazmagyna görä, bu ädim öň konsern tarapyndan kabul edilen 35 müň iş ornuny kemeltmek baradaky maksatnamanyň çäklerinde amala aşyrylar. Awtokonserniň ýolbaşçylygy işgärleri sosial taýdan goldamak usulynda işden boşatmagy göz öňünde tutýar. Ýagny konsern işgärlere täze hünär öwrenmek bilen, başga kompaniýalarda işe ýerleşmegi teklip etmekçi diýlip, habarda bellenýär.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 10 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir→