Fransiýanyň Milli Statistika we Ykdysady Barlaglar Institutynyň (INSEE) maglumatlaryna görä, 2025-nji ýylda Fransiýada dogluş derejesi 1944-nji ýyldan bäri iň pes derejä ýetdi. Agentligiň maglumatlarynda 2025-nji ýylda ýurt boýunça 654,000 çaga doglandygy aýdylýar. Bu 2024-nji ýyl bilen deňeşdirilende 2,1% we dogluş derejesi iň ýokary derejä ýeten 2010-njy ýyl bilen deňeşdirilende 24% az diýmekdir. Dogluş koeffesienti hem edil şonuň ýaly. Ol 2024-nji ýylda her aýala 1,61 çagadan 2025-nji ýylda 1,56 çaga çenli üýtgedi. Hasabatda munuň Birinji Jahan urşundan bäri iň pes görkezijidigi bellenilýär. INSEE-de ölüm derejesiniň hem artýandygy hasaba alyndy. 2025-nji ýylda aradan çykanlaryň sany 651,000-e ýetdi. Bu bolsa geçen ýyl bilen deňeşdirilende 1,5% artykdyr. Hasabatçylar muny gyşda, esasanam ýylyň başynda bolup geçen dümew epidemiýasy bilen baglanyşdyrýarlar. Muňa garamazdan, Fransiýanyň umumy ilaty 2024-nji ýyldaky 68,6 million adama garanyňda az-kem artyp, 69,1 milliona ýetdi. Ýurtda adam ömrüniň ortaça dowamlylygy aýallar üçin 85,9 ýyl, erkekler üçin bolsa 80,3 ýyldyr.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 10 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir→