gulkunch pursatlarymyz!

salam hanymlar we jenaplar! menem bir tema açayin diydim, belki ön sizem ýazan bolmagyňyz mümkin...
geliň, hemmämiz (kimiň ýatlasy gelse) mekdep ýyllarymyzdaky (hökman ol ýyllar däl) bolup geçen wakalary ýatlaly.
meselem, bir waka men hiç ýadymdan çykmaýar:)

7-nji klasdakam bir klasdaşym meň joramy söýýärdi. gürleşýän welin, hemme temalary ýöne meň joram barada bolup durda. özüne-de aýdybam bilenokdy. biz gelýädigem welin, ol gaçýardy :) soňam 8-nji mart yetip geldi. gurbanam (oglanyň ady) menden onuň adyndan jorama gül sowgat bermegi haýysh etdi. irden gül satyn alyp maňa berdi. menem jorama görkezmejek bolup, klasda mugallym plakatlaryny tegeläp goýupdyr. menem bir topar plakatlaryň biriniň içine saldym. soňam uly peremanada joramy surpriz etjek diyip klasa getirdim. künjegindäki tegelenen plakatlaryň içinde gül gözleyan welin, gül yok... poçti peremena gutaryp gelyar. ol pahyram näme etyanime dushunmedi. sonam iki bolup gözledik welin, tapmadyk. sapaklardan son klas yuwmaga geldim welin, yaňky gül musorkada ýatyr. gözümden ot chykdyda. mug.yn tayagyny alyp hemme kishini urmaga tayyardym... mug. gelende "kimin zyňanyny görmediňizmi?" diyip sorasam, "ay, men plakatlarymyn ichinde yatan eken, menem düshünman musura tashladym" diydi. indi menem name edeyin? gitmekden bashga edip biljek ishim yok. ertesi gunem gurban menden nadip berenimi, nadip alanyny sorayar. menem bar zady gurrun berdim. :)
indi shu wagta chenlem gülüp yatlayas "bashga gizlemana yer tapmadynmy?" diyip... :)
indi iki gulagym sizde :D
jahan
  • 2
  • 752
  • 05/06/2008 01:13
  • 1 minutda oka

Geldisga

1 hepde ozal

Son sol gyza soz aytdymay yryp bildimi

Geldisga

1 hepde ozal

Son sol gyza soz aytdymay yryp bildimi