G. Şamyradowanyn "perişdäme" goşgusyna gysga tankydy makala

Eziz watanymyzda Hormatly Prezidentimiziň başda durmagynda ösüşli, belent sepgitlere tarap has-da batly ädimleri ätdik. Geçen ýyllarda diňe bir ykdysadyýetde, syýasatda ýa-da syýahatçylykda däl, eýsem medeniýetde hem täzeçil bir depginli ýol aldyk. Medeniýetimiziň özeni bolan döredijilik işlerinde bolsa, ajaýyp eserler dünýä indi. Her bir eserleriň estetiki gözelligi we manysy taýdan kämil derejä ýetmegi elbetde, halypa ýazyjylaryň ýaşlara göreldesidir. Gelejegiň alymlary hasaplanýan türkmen ýaşlary döredijilik işlerine çekmekde, olara döwrebap bilim bermekde Döwlet Liderimiz irginsiz alada edýär.
Şeýle aladalara jogap hökmünde özüniň ajaýyp eserlerini ýazmaga tagalla edýän döredijilik zenanlarymyzyň biri hem Gözel Şamyradowadyr. Ol özüniň şygyrýet äleminde soňky öwrümini häzirki ýalňyz perzendine bagyşlaýandygyny - onuň ýazýan goşgularynda aýdyň duýmak bolýar. -

Bilýärin sen meleksiň,
Lezzeti meň dünýämiň.
Kyn günümde durmuşa,
Bagladyň sen bilýämiň???

 - bu bendi many taýdan barlag etmeli bolsak, çeperçiligi, intonasiýasy, kapiýasy we okalyş ritmi diýseň ajaýypdygyny müň mertebe nygtamalydyrys.  Ýedi bogundan ybarat bolan bendiň içinde bir logika üns bermek zerurlygy ýüze çykýar; ol hem "meleksiň" sözi bolup - ýüzlenilýän çaganyň erkek göbeklidigine garamazdan ony melege deňemeklik häzirki döwüriň zenan duýgularyny orta atýar. Bu meselä üns bermezlik näçe mümkin hem bolsa, logika oglan perzende ýüzlenilişi, belli bir çäkde kabul edip biler. Şol çäk hem islendik dogan çaganyň günäsizje perişdä deňelmegidir. Emma eser bu zatlary häzirki wagtda red edýär we ene söýgüsiniň aşa artykmaçdygyny ýüze çykarýar.
Soňky bentlerine ser salanymyzda...-

Allam eçildi bagty,
Seni aldym gujagma.
Bar mährimi siňdirip,
Söz berýärin söýjegme.

 - diýip, aýtýan ene ozüniň kämil diwanynda "Perişdäme!" diýip ýüzlenmegi şu bentde diýseň ýüze çykýar. Allatagala berlen zürýat üçin minnetdar zenan G. Şamyradowa perzendiniň gelejek üçin, özüniň nesil dowamy üçin söýgüsini gaýgyrmajakdygyny aýtsa hem eseriň gahrymany näme üçindir ýekeje perzentdigi we onuň bar söýgüsini şoňa dözmekligi... mähri çäksiz zenanyň ýatdan çykaran pikiridigini ýatlatmak ilkinji şertleriň biridir. Eger şahyr zenan indiki perzende eline alan ýagdaýynda şu goşgusy arkaly tankytlara sezewar bolup biler.

Enaýyja perişde,
Aladamy aýyrýan.
Açlygma gezip ýörün,
Gülkiň bilen doýurýaň.

 Maňa şygyr dowamlylygy boýunça iň ýaran bent şu bolsa gerek. Çünki setirlerdäki pikirler göwnüme bolmasa täze ýaly.
" Açlygma gezip ýörün,
Gülkiň bilen doýurýaň." Şu iki setir zenan duýgularynyň has ownuk we içgindigini subut etse gerek. Çünki halypa ýazyjy Osman Odäniň "çeper eser - özüňi açmagyň formasydyr" diýmegi, biziň ýokardaky aýtýanlarmyzyň ertirki ykbalyna kesgitleme bolýar. Eger özüňi şygyrýet älemine girip içiňdäki ajaýyplygy açyp bilmeseň onda sen entek şahyr dälsiň düşünjesi ýüze çykýar. Emma G. Şamyradowa özüniň neneňsi zenandygyny iki setirinde has ýokary çeperçilikde beýan edýär.

Çakgan hereketleriň,
Hemmelere iş bolýaň,
Gaharlanaýsam dagy,
Göýä oňa düşünýäň.

Köp görmesin Hudaý jan,
Seniň ýaly BAGTYMY
Eneňleriň onunjy,
Mamaň bolsa göz açyp,
Gören ilki agtygy.

 -bu ýerde özüniň durmuşy doredijilige bada-bat işe girişýär. Aýdyň suratlandyrylýan maşgala durmuşy estetiki taýdan optimizme dalaş edýär diýsem eseriň çeperçiligini ulaltdygym bolmaz. Ýene bir bellemeli zadymyz ýazylan goşgy bentleriniň ählisi dört hem bolsa, ýokardaky bent bäş setire çenli barypdyr. Emma okyja onuň setir artyklygy hiç hili duýulmaýar; gaýta tersine has çeperleşdirýär.
 Ene perzent gatnaşyk diňe bir asyrlaryň däl, eýsem dünýäniň ilkinji gününden bäri  geçen her günüň jümmüşinden gönezlik alyp, häzirki günlere çenli dowam edip gelýär. Ýöne türkmen öz perzendine aýratyn mähir we terbi berýär.

Iki öýüň şatlygy,
Guwanjy ataň, babaň,
Uýalaryň naçardyr,
Hossar bolar on agaň.

Seniň terbiýäňede,
Yhlasymy siňdirip.
Ulaldaryn Selimjan,
Senem basym ulalda,
Dertlerimi diňdirip,
Ýaşat meni güldürip.

- şahyr özüniň döredijiligini soňky bentlerine ýakynlaşdyrdygyça köp gahrymanlara ýüzlenýär.
Olar ata-ene; mama, oglan we gyz doganlardyr. Özüne degişli durmuşy kyssasyny gysga bogunly goşga çeper äheňde ýerleşdiren G. Şamyradowanyň dünýä garaýşynda perzendiň baba we mama tarapa berýän ünsüni duýgular boýunça gysga duýular duýulmaz äheňde beripdir. Bu bolsa türkmeniň "gyzymyzy berdik - elimizi çekdik" diýen pähimini aklymyza getirýär. Onuň döredijiligine ýokary baha bermek ýada tankyt etmem elbetde her bir okyjynyn haky bolsa gerek!
AÝRATYN BELLIK;
Biz öz ýazýan eserlerimizi köplenç gizlin saklaýas. Gynansagam, bu zatlar seniň ykbalyna diýseň güýçli täsir edip biljekdigini ýatlalyň. Kopümiziniz ýadymyzda bolsa gerek "Alisa täsinlik ler dünýäsinde" diýen eser, eýsem, şol eseriň awtory öz eserini näçe gizlin saklasa hem ahyrynda dünýä meşhur esere öwrüldi. Bär-de agzalýan many - zehin ýakyp, zähmet tartyp döredýän iň kiçijik eseriňi hem adam tankydyndan gizleme, çünki olar seniň ertirki okyjylaryňdyr! Şu sözleri diýýän wagtym Geni şahyrymyz G. Ezizow iki setiri mejbury ýadyma düşýär:

Näme diýse şony diýsin özgeler,
Meniň bu meselä öz garaýşym bar...

G. Şamyradowa hem ýazan tankydy makalamyzyň üsti bilen ýetirjek zadymyz: mundan beýläk hem has ajaýyp eserleri halk köpçüligine ýetirip dursun. Ýurtda birlerine ruhy taýdan goldaw berip, ynsanlara gowulygy ündeseň ýurt seniň gadyryňy bilýär. Ýöne hakyky eserleri döretmek her bir doredijilik işgäriniň esasy ýörelgesi bolup durýar.
Ýaş şahyr bol, ýa halypa bol; gelejek üçin özüňdäki iň gowy zatlaryňy miras goý!!! Gelejekde hem sen ölmez-ýitmez saklajak edebiýatdygyny unutma!!! Goý ähli döredijilik adamlary özlerine baha berjek okyjylardan gorkmasyn...


Awtor: AHALLY
wagt
  • 1
  • 142
  • 11/02/2018 10:40
  • 5 minutda oka

Gercheknazar

6 gün ozal

Sag boluñ ahally maslahatyñyzy gysganmaweriñ ýenede ýetirip duruñ